Gizlinligiň Özara Ylalaşygy we Ulanyş Düzgünleri
Altyn Market - Internet Marketi (Mundan beýläk – “Altyn Market”) we www.altynmarket.com.tm internet saýty (Mundan beýläk – “Saýt”) bilen, onuň agzasynyň (“Agza”) arasynda aşakdaky şertleri ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gelindi.
Umumy düzgünler
- Agza, Saýtda bellige alyş işlerini tamamlandan soň, şu Ylalaşykda bellenen şertlere eýermek bilen telefon belgisini we açar sözüni girizip, Saýty ulanmaga başlap biler.
- Agzanyň Saýty ulanyp başlamagy Ylalaşygyň ähli şertlerini kabul edýär diýip hasaplanylýar.
- Ylalaşyk, agzalygyňyzyň ýatyrylmagy bilen güýjini ýitirjekdir.
- Altyn Market şu Ylalaşyga birtaraplaýyn üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip biler.
- Saýtyň belli ýerlerinde, umumy düzgünler, şeýle hem degişli bölüme laýyk başga şertler-de bellenilip biliner. Hyzmatlarymyzdan peýdalanýan Agza, degişli şertleri okan we kabul eden hasaplanýar.
Agzanyň hukuklary we borçlary
- Saýt, ähli adamlaryň ulanmagy üçin açykdyr.
- Agza, Saýty ulananda, Ylalaşykda bellenen ähli şertleri kabul edýär.
- Agza, Saýtdan peýdalanan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etjekdigine borçlanýar.
- Agza, beýleki agzalaryň we zyýaratçylaryň saýty ulanmagyna päsgel beriji ýa-da agyrlaşladyryjy hereketlere baş goşmaly däldir. Baş goşan ýagdaýynda, Altyn Market tarapyndan agzalykdan çykaryljakdygyny we bu ýagdaý sebäpli ýüze çykjak her bir hukuk we jerime jogapkärçiligini öz üstüne kabul
edýär.
- Saýtyň içinde, şeýle hem sosial ulgamlarda operator bilen ýazyşmalaryň göçürmesiniň saklanmagy agzalaryň jogapkärçiligindedir. Bu Altyn Market tarapyndan maslahat berilýär. Ýazyşmalaryň göçürmesi saklanmadyk ýagdaýynda, ýitmeginden ýa-da pozulmagyndan Altyn Market jogapkär däldir.
- Altyn Market ýa-da Agzanyň özi tarapyndan ýatyrylan agza, hasabyna degişli ýazgysyny, agzanyň garşy talabynyň bolmadyk ýagdaýynda, Altyn Market ony pozmakda ýa-da pozmazlykda erkindir.
- Agza, Saýta registrasiýa bolanynda ýa-da hyzmatlaryndan peýdalananynda şahsy we beýleki maglumatlarynyň dogrulygyny we bu maglumatlaryň dogry bolmadyk ýagdaýynda Altyn Marketyň bu sebäpden görjek ähli zeperlerini tölejekdigini kabul edýär.
Altyn Marketyň hukuklary we jogapkärçiligi
- Agza, saýty ulanmak bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny we şu Ylalaşygyň şertlerini bozan ýagdaýynda Altyn Marketyň birtaraplaýyn agzany agzalykdan çykarmaga hukugy bardyr.
- Agzalara, Altyn Market tarapyndan saýta agza bolmagy bilen berilen ýa-da öz bellän agza ady, açar sözi ýaly maglumatlaryň ulanmagyny, başga adamlara beren ýagdaýynda, açar sözüniň başga adamalar tarapyndan ýaman niýet bilen ulanylmagyndan Agza jogapkärdir. Şeýle-de, Agza, internet äleminde
başganyň IP adresini, e-poçta adresini we ulanyjy adyny ulanyp bilmeýändigi bilen birlikde, Agzalaryň şahsy maglumatlaryny rugsatsyz ulanyp bilmeýär. Ulanylan halatynda, ýüze çykjak ähli hukuk we jerime jogapkärçiliklerini Agza öz üstüne alýar.
Alynan maglumatlar we olaryň ulanylyşy
Saýtyň hyzmatlaryndan ulanýan döwrüňizde we/ýa-da saýtymyza agza bolan ýagdaýyňyzda, size ýokary hilli hyzmat bermek üçin adyňyz, familiýaňyz, e-poçta adresiňiz, telefon belgiňiz, jynsyňyz, doglan günüňiz, eltip berme adresiňiz ýaly käbir şahsy maglumatlaryňyza zerurlyk ýüze çykýar. Saýtda alynan
maglumatlar aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:
- Siziň hususy hasabyňyzy döretmek.
- Sargydy ýerine ýetirmek, tamamlamak we müşderilerimiz bilen aragatnaşyk saklamak.
- Sargytlar, hyzmatlar we arzanladyşlar hakda maglumat bermek.
- Müşderilerimiziň söwda saýlawlaryny has gowy bilmek we olara teklipler hödürlemek.
- Trend seljermeleri we statistik seljermeler etmek.
Hukuklaryňyz haýsylardyr?
Bizde saklanan şahsy maglumatlaryňyz hakda maglumat almaga hukugyňyz bardyr. Maglumatlaryňyz ýalňyş ýa-da doly däl bolsa, maglumatlaryňyzyň düzedilmegini ýa-da aýrylmagyny talap edip bilersiňiz. Biziň bilen aşakdaky ýollar arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
- Salgy: www.altynmarket.com.tm
- Telefon: +99363465609 (Müşderi Hyzmatlary, hepdäniň 7 güni 09:00 - 18:00 sagatlar arasynda hyzmat berýär.)
- E-poçta: alemcisoft@gmail.com